Türkmenistanda ylmy intellektual eýeçiligiň obýektleri döredilende we peýdalanylanda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän ylmy intellektual eýeçilik obýektler hakynda Kanun kabul edildi. Resminama ylmy intellektual eýeçilik obýektlerine degişli eýeçilik hukuklarynyň goralyp saklanylmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Bu barada şenbe güni çap edilen “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.
Kanunda ylmy işleri ýerine ýetirmegiň netijesinde döredilip bilýän intellektual eýeçilik obýektleriniň görnüşleri hem-de olaryň peýdalanylmagy, berilmegi we goralyp saklanylmagy boýunça düzgünler kesgitlenilýär.
Şertnama laýyklykda, ylmy intellektual eýeçilik - ylmy işleriň ýerine ýetirilmegi wagtynda alynýan aralyk, ahyrky we goşmaça netijeler boýunça döredilen ýa-da eýeçilik obýektlerdir. Olar ylmy işjeňlik arkaly döredilip, häzirki wagtda bar bolan ýa-da geljekde peýda bolup biljek islendik görnüşdäki maglumat göterijilerinde beýan edilýär.
Ylmy intellektual eýeçiligiň eýeleri hökmünde Türkmenistanyň hem-de daşary döwletleriň raýatlary we hukuk eýeleri çykyş edip biler.
Obýekti dörediji şahs ilkinjilik hukugyna eýedir, emma şertnama, gulluk tabşyrygy ýa-da zähmet şertnamasy esasynda ýerine ýetirilen işler netijesinde döredilen ýagdaýynda, degişli hukuklar iş berijä ýa-da beýleki hukuk geçijilere berlip bilner. Dörediji peýdalanylan obýektlerden alnan girdejiden paýy öz içine alýan töleglere we beýleki sylaglara eýe bolmaga haklydyr. Bu hukuklar miras geçirilip bilner.
Ylmy intellektual eýeçilik obýektlerine degişli hukuklaryň goragy degişli kanunçylyga laýyklykda berlen möhletde üpjün edilýär. Eýe aradan çykanda ýa-da gurama täzeden gurnalan ýagdaýynda bu hukuklar mirasçylara geçýär.
Ylmy intellektual eýeçiligiň maliýeleşdirilmegi Döwlet býujetiniň serişdeler, býujetden daşary serişdeler, ylmy guramalaryň hojalyk işiniň hasabyna alynýan serişdeler hem-de beýleki çeşmeler hasabyna amala aşyrylýar.
Bu ugurda degişli obýektleriň bellige alynmagy we döwlet sanawyna girizilmegi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan alnyp barylýar. Ylmy intellektual eýeçilik babatda döwlet syýasatynyň utgaşyklylygyny Türkmenistanda Ministrler Kabineti üpjün edýär.
Bu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


