Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda döwlet Baştutany möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew häzirki wagtda Ylmy-barlag däneçilik, Ekerançylyk we Pagtaçylyk institutlary tarapyndan ýerine ýetirilýän işler, hususan-da, ekerançylygy, tohumçylygy ylmy esasda ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de Mary welaýatynda hem oba hojalyk pudagynyň ähli düzümleriniň ýagdaýy boýunça maglumat berildi.
Maslahatyň dowamynda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny artdyrmak, dürli ekinleriň täze görnüşlerini synag etmek ugrunda toplumlaýyn ylmy işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Bu işde döwrebap tehnikalar, täze tehnologiýalar giňden peýdalanylýar.
Şeýle hem häzirki wagtda seçgiçi alymlar tarapyndan ýurduň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän we ýokary hasyl berýän sortlary döretmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-barlag işleriniň hiline möhüm ähmiýet berilmelidigini, şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, döwrebap agrotehniki usullaryň netijeli öwrenilmelidigini nygtady. Maslahatyň netijeleri boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

_(1)30624-700x5002.jpg)







30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


