Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lankanyň Prezidentine suw joşmasy sebäpli gynanç bildirdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lankanyň Prezidentine suw joşmasy sebäpli gynanç bildirdi
Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Günorta-Gündogar Aziýada soňky bir hepde-de güýçli ýagyş we şemal bilen utgaşýan howa şertleri dowam edýär.

Şri-Lankada suw joşmasy sebäpli azyndan 366 adam heläk bolandygy, 367 adamyň dereksiz ýitendigi, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi habar berýär.

2022