Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Ilçisi Baýram Baýramow BAE-niň Prezidentine Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky resmi çakylygy gowşurdy. Gowşuryş dabarasy 27-nji noýabrda Abu-Dabide ýerleşýän Kasr al Watan köşgünde ýurtda täze bellenilen ilçileriň ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň çäginde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Dabara BAE-niň Wise-prezidenti we Premýer-ministriň orunbasary, Prezidentiň Diwanynyň başlygy Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan, şeýle hem Premýer-ministriň orunbasary we Daşary işler ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan gatnaşdylar.

Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara forumyna BAE-niň wekiliýetiniň gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdy.
BAE-niň Prezidenti Ilçi Baýramowy täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ýurtlaryň arasynda gatnaşyklary berkitmekde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi öz nobatynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge berilýän berilýän goldawlar we üns üçin minnetdarlyk bildirip, döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin ähli goşandyny goşjakdygyna ynandyrdy.







_(1)30624-495x4352.jpg)

30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


