Türkmenistan bilen Belarus iki ýurduň işewürler jemgyýetleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek isleýändiklerini tassykladylar.
Belarusyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu mesele Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew bilen Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Stanislaw Çepurnoýyň arasynda geçirilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar ulag-aragatnaşyk ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy, özara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürilmeginiň geljekki mümkinçiliklerini, şeýle hem Hökümetara komissiýanyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu ýylyň maý aýynda belarus we türkmen kompaniýalary Belarus döwletine ýokary hilli gök-bakja we miwe önümlerini ibermek boýunça şertnamalary baglaşmak hakynda ylalaşdylar.








30437-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


