Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň anna güni Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Duşuşykda ÝB-niň Ýokary wekili Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyga we ösüşe goşant goşýan ýurduň oňyn bitaraplyga esaslanýan daşary syýasy ugrunyň ähmiýetini belledi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Söhbetdeşlikde Ýewropa Bileleşiginiň Ýokary wekili Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli türkmen tarapyna mähirli gutlaglaryny beýan etdi.
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky köpugurly dialogyň ösüş derejesine ýokary baha bermek bilen, taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem “ÝB – Türkmenistan” bilelikdäki komitetiň formatyndaky hyzmatdaşlygyň bar bolan ulgamlarynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy.
Söhbetdeşligiň çäklerinde şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna aýratyn orun berildi.








_(1)30624-495x4352.jpg)









