Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 11–12-nji dekabrda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde resmi saparynda bolar. Bu barada çarşenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Russiýanyň döwlet Baştutany Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyna gatnaşar.
Forumyň gün tertibinde Wladimir Putiniň daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegi hem göz öňünde tutulýar.
Mundan öň, 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda hem Wladimir Putin Türkmenistana resmi saparyny amala aşyrdy.


















