Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid 10-njy dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara Bitaraplyk güni we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi. Bu barada Aşgabat Halkara howa menzili habar berýär.
Yragyň döwlet Baştutanynyň Aşgabada gelmegi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň halkara derejede ykrar edilýändigini görkezýär.
Türkmenistan Halkara foruma ählumumy waka we halkara gatnaşyklarynda hil taýdan täze tapgyra geçmek üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garaýar.
Şol gün San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa hem Aşgabada geldi.


















