Ermenistanyň Prezidenti sapar bilen Aşgabada geldi

BT
Ermenistanyň Prezidenti sapar bilen Aşgabada geldi
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan (Surat: Ermenistan Prezidentiniň metbugat gullugy)

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan 10-njy dekabrda sapar bilen Aşgabada geldi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Waagn Haçaturýan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşar.

Prezident Waagn Haçaturýanyň Aşgabada sapary däp bolan dostluk, özara düşünişmek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ermeni-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejesini tassyklaýar.

Mundan ozal Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid hem-de San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere we Halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldiler.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022