Gruziýa Respublikasynyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze we Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow 11-nji dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara Bitaraplyk güni we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmak üçin sapar bilen Aşgabat şäherine geldiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Gruziýanyň we Azerbaýjanyň Premýer-ministrleri Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň resmi adamlary tarapyndan mähirli garşylanyldy.
Habarda bellenilişi ýaly, bu çäre dünýä derejesindäki dialogy ösdürmäge, ynanyşmagy berkitmäge we parahatçylygy, abadançylygy, durnukly ösüşi ilerletmekde ählumumy platforma hökmünde möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny görkezýär.
Mundan ozal, Mýanmanyň Premýer-ministri Nýo Soe we Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Mmemo Dlamini hem Aşgabat şäherine geldiler.







30704-495x4352.jpg)

30704-90x604.jpg)








