Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi. Bu barada penşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň resmi adamlary we hormat garawuly tarapyndan garşylanyldy.
Dostlukly ýurduň Baştutanynyň Aşgabada sapary iki ýurduň arasyndaky döwletara dialogynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine möhüm goşant hökmünde garalýar. Häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň gün tertibi syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.
Prezident Sadyr Žaparowyň halkara foruma gatnaşmagy iki ýurduň arasyndaky goňşuçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň halkara derejede ykrar edilýändigini görkezýär.
Halkara çärelerine gatnaşmak üçin Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarif hem Aşgabada geldi.

30704-700x5002.jpg)







30704-90x604.jpg)








