Prezident Ärdogan sapar bilen Türkmenistana geldi

BT
Prezident Ärdogan sapar bilen Türkmenistana geldi
Türkiýänyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, 2021-nji ýylyň 27-28-nji noýabry

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň karary bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegine bagyşlanan halkara forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Aşgabat Halkara howa menzilinde türk Lideri Türkmenistanyň resmi adamlary tarapyndan mähirli garşylandy. Bu barada penşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Forumyň çäginde türk döwlet Baştutany Türkmenistanyň ýolbaşçylary, şeýle hem çärä gatnaşýan birnäçe döwletleriň we hökümetleriň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

Mundan ozal Aşgabada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid hem-de San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa gelipdiler.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022