Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin penşenbe güni resmi sapar bilen Aşgabada geldi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Aşgabat Halkara howa menzilinde rus döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň resmi adamlary tarapyndan mähirli garşylandy.
Russiýanyň Prezidenti Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara Bitaraplyk güni we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşar.
Forumyň gün tertibinde daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegi hem göz öňünde tutulýar.
Mundan ozal Aşgabada Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid hem-de San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa gelipdiler.


















