Dünýä liderleri Aşgabatda Bitaraplyk binasyna gül desselerini goýdular

BT
Dünýä liderleri Aşgabatda Bitaraplyk binasyna gül desselerini goýdular
Dünýä liderleri Bitaraplyk binasynda, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: akorda.kz)

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara dabaralara gatnaşmak üçin ýurda gelen döwlet baştutanlary we hökümet ýolbaşçylary anna güni Aşgabatda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen gül goýmak dabarasynyň başynda bolup, hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara dabaralarynyň başyny açdy. Daşary ýurtlardan gelen ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagy Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine dünýä derejesinde uly hormat goýulýandygynyň subutnamasydyr.

Dabara Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylary, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow gatnaşdylar.

Gül goýmak dabarasyna gatnaşan beýleki myhmanlaryň arasynda Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid, San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa, Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlamini hem-de Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Premýer-ministri Nýo So bardy. Çärede halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Gül goýmak dabarasy Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine hormat goýmagyň hem-de halkara çäreleriniň maksatnamasynyň resmi başlangyjynyň nyşany boldy. Bu çäreler “Parahatçylyk we ynam: durnukly geljegiň bähbitleri ugrunda maksatlaryň bitewüligi”atly halkara forumy bilen dowam edýär.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС