Türkmenistanyň Prezidenti dünýä liderleri bilen Aşgabatda birnäçe duşuşyklary geçirdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti dünýä liderleri bilen Aşgabatda birnäçe duşuşyklary geçirdi
Dünýä liderleri, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy tarapyndan ýerleşdirilen wideo ýazgysyndan alnan suraty)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmak uçin Aşgabat şäherine gelen döwlet Baştutanlary we hökümet ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Myhmanlaryň arasynda San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa, Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Mmemo Dlamini, Mýanmanyň Premýer-ministri Nýo Soe, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bar.

Şeýle hem Aşgabatda daşary ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň, şol sanda “Toyo Engineering Corporation” we “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem saparda boldular we Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirdiler.

Ikitaraplaýyn duşuşyklarda halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary, şol sanda parahatçylygy we ynamy pugtalandyrmak, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, energetika howpsuzlygy, medeni-ynsanlerwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi, şeýle hem BMG-niň çäginde alnyp barylýan gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar dialoga ygrarlydyklaryny tassykladylar we ählumumy wehimlere bilelikde çözgüt tapmak ugrunda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Geçirilen gepleşikleriň netijesinde taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň  mümkinçiliklerine garadylar.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022