Rus kompaniýalary Türkmenistanda täze maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga taýýar

BT
Rus kompaniýalary Türkmenistanda täze maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga taýýar
Serdar Berdimuhamedow we Wladimir Putin, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistany (Surat: Russiýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy tarapyndan ýerleşdirilen wideosyndan suraty)

Rus kompaniýalary Türkmenistanyň bazarynda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmeklige taýýar. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin anna güni Aşgabatda geçirilen Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumda eden çykyşynda belledi. Bu barada Kremliň metbugat gullugy habar berýär.

Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, 2025-nji ýylyň ilkinji on aýynda iki ýurduň arasyndaky özara haryt dolanyşygy 35% ýokarlandy. Bu görkeziji geçen ýylyň umumy derejesinden ep-esli ýokarydyr.

Wladimir Putin energiýa, ulag we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygyň pugtalanyp barýandygyny, şeýle hem Russiýanyň we Türkmenistanyň Hazar sebitinde hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynda giň gerimli köpugurly ykdysady başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygyny nygtady. 

Häzirki wagtda “Demirgazyk–Günorta”ulag geçelgesiniň gurluşygy alnyp barylýar, iki ýurduň sebitara hyzmatdaşlygy ösüş tapgyryna gadam goýýar. Şeýle-de medeni, ylym we bilim ugurlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek babatda işjeňlik giňeýär.

Russiýanyň Prezidenti türkmen tarapynyň taýýarlan “Aşgabat Jarnamasy” boýunça başlangyjynyň ähmiýetini belläp, ony goldaýandygyny aýtdy. Wladimir Putiniň bellemegine görä, bu resminama forumyň dowamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň möhüm netijesi bolar.

Çykyşynyň ahyrynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de foruma gatnaşyjylary Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022