Ermenistan: Türkmenistanyň Bitaraplygy – sebitleýin durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm faktory

BT
Ermenistan: Türkmenistanyň Bitaraplygy – sebitleýin durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm faktory
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasaty sebitleýin durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm faktory bolup hyzmat edýär. Bu barada Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Aşgabatda geçirilen Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumda aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Ermenistanyň Prezidentiniň bellemegine görä, Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty döwletleriň arasynda halkara ynanyşmagyň, dialogyň we özara düşünişmegi, parahatçylykly ösüş hem-de hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. 

Waagn Haçaturýan Türkmenistanyň halkara howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynda işjeň ornunyň bardygyny nygtap, parahatçylyk – bu diňe dawaly ýagdaýlaryň bolmazlygy däl, eýsem dialogy goldamak, adam hukuklaryna hormat goýmak we döwletleriň arasynda ynamy berkitmek ugrunda alnyp barylýan yzygiderli işdir.

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi boýunça pikir alşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022