ABŞ Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn wizalar boýunça çäklendirmeleri ýatyrdy

BT
ABŞ Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn wizalar boýunça çäklendirmeleri ýatyrdy
Nýu-Ýork, ABŞ (Surat: marketwatch.com)

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2025-nji ýylyň iýun aýynda girizilen wagtlaýyn wizalar boýunça çäklendirmeleri ýatyrdy. Bu karar Ak tam tarapyndan 2025-nji ýylyň dekabr aýynda çap edilen täze proklamasiýada resmi taýdan tassyklandy.

Resminamada bellenilişi ýaly, soňky döwürde Türkmenistan şahsyýeti tassyklamak we maglumat alyşmak ulgamlaryny kämilleşdirdi, şeýle-de migrasiýa we howpsuzlyk meseleleri boýunça ABŞ bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Munuň netijesinde, öň ulanylan çäklendirmeler gaýtadan seredildi we ýumşadyldy.

Haýsy wizalar gaýtadan açyldy

Täze karara laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlary üçin ABŞ-a girmek aşakdaky wagtlaýyn wizalar boýunça gaýtadan rugsat berildi:

• B-1 (işewürlik wizasy)
Iş duşuşyklaryna, gepleşiklere, maslahatlara we beýleki işewür çärelerine gysga möhletli gatnaşmak üçin.
• B-2 (syýahatçylyk wizasy)
Syýahat etmek, garyndaşlara baryp görmek, bejergi almak ýaly maksatlar üçin.
• B-1/B-2 (utgaşyk wiza)
Işewürlik we syýahatçylyk maksatlaryny bilelikde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
• F (talyp wizasy)
Uniwersitetlerde, kollejlerde we dil okuw merkezlerinde bilim almak üçin.
• M (hünär okuw wizasy)
Tehniki we hünär ugurlary boýunça okuwlar üçin.
• J (alyş-çalyş wizasy)

Tejribe, okuw, ylmy-barlag we medeni alyş-çalyş maksatnamalary üçin.

Bu çözgüt bilen Türkmenistanyň raýatlary görkezilen wiza görnüşleri boýunça adaty tertipde resminama tabşyryp, ABŞ-a wagtlaýyn syýahatlaryny meýilleşdirip bilerler.

Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-da hemişelik ýaşamak üçin niýetlenen immigrasiýa wizalary, şol sanda grin karta (Green Card) boýunça çäklendirmeler häzirlikçe saklanýar. Amerikan tarapy bu ugurda goşmaça seljerme geçirilýändigini belleýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС