Belarus Türkmenistandan üstaşyr Eýrana tizleşdirilen konteýner otlusyny işe girizdi

BT
Belarus Türkmenistandan üstaşyr Eýrana tizleşdirilen konteýner otlusyny işe girizdi
Belarusyň “Beltamožservis” kärhanasynyň konteýnerleriň daşamalary (Surat: Belta)

Belarus Respublikasynyň “Beltamožservis” döwlet kärhanasy ýükleri Eýran Yslam Respublikasyna eksport etmek maksady bilen Türkmenistanyň çäginden geçýän täze tizleşdirilen demir ýol ugruny işe girizdi. Bu barada Belarusyň STV teleýaýlymy sişenbe güni habar berdi.

Täze hyzmat Belarus — Russiýa — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça halkara konteýner daşamalaryny göz öňünde tutýar.

Ýükleriň eltme möhleti 13–15 günüň dowamynda bolup, bu görkeziji sebit ýurtlarynyň arasynda ýükleri daşamak üçin iň tiz we amatly ugurlaryň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.

“Beltamožservis” kärhanasynyň baş direktorynyň orunbasary Natalýa Kananowiçiň STV teleýaýlymyna beren interwýusynda bu uguryň işe girizilmegi eksporty diwersifikasiýa etmäge, belarus öndürijileriniň halkara bazarlardaky ornuny pugtalandyrmaga hem-de ýerli önümleriň söwda geografiýasyny giňeltmäge uly mümkinçilik berjekdigini belledi.

Şeýle hem şu ýylyň dekabr aýynda ilkinji eýran konteýner otlusynyň Türkmenistanyň çäginden üstaşyr arkaly geçip, Buhara şäherine çenli ýoluny dowam edendigi habar berilýär.

2022