Aşgabatda Türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumy geçiriler

BT
Aşgabatda Türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumy geçiriler
Hytaý Halk Respublikasynyň harytlarynyň sergisi, 2017-nji ýylyň 4-nji iýuly, Aşgabat, Türkmenistan

2026-njy ýylyň 28–30-njy apreli aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumy geçiriler. Bu barada çäräniň gurnaýjylary habar berýär.

Forum Türkmenistanyň bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Çäräniň dowamynda senagat we önümçilik hyzmatdaşlygy, energetika, gurluşyk, ulag we logistika, oba hojalyk pudagy, innowasiýalar hem-de IT we sanly ösüş bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem forumda ulag geçelgelerini ösdürmäge we logistika ulgamyny pugtalandyrmaga, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we oba hojalygynda innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerine hem aýratyn üns berler.

Forum döwlet edaralarynyň, işewür toparlarynyň hem-de iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalaryň tanyşdyrylyşy we täze işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy üçin netijeli meýdança bolup hyzmat eder.

Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Hytaýyň Daşary ýurtlarda ösüşi goldamak boýunça assosiasiýasy (CODA) tarapyndan, “Talwas Ýoly” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we “Oguz Forum & Expo” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

2022