Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň baş direktory Jon Riz bilen duşuşdy. Duşuşykda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda golf-klub taslamasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä, bu taslama Awazanyň dynç alyş we sport merkezi hökmünde ösüşine täze itergi berer. Bu barada “Watan habarlary” habarlar gepleşigi habar berdi.
Duşuşykda kompaniýanyň halkara derejede ýokary abraýa eýedigi, şeýle-de golf-klub taslamalaryny durmuşa geçirmekde öňdebaryjy orny eýeleýändigi nygtaldy.
Şeýle-de hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly hökmünde Aşgabatda gurlan we halkara ülňülere laýyk gelýän döwrebap golf-klub ýatlanyldy.
Jon Riz Türkmenistanda sportuň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belläp, kompaniýanyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljegine ynam bildirip, biri-birine üstünlik arzuw etdiler.




30734-495x4352.jpeg)













