Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä hem-de ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň arasynda ýola goýlan köptaraply gatnaşyklara ýokary baha berip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti bu gatnaşyklaryň geljekde-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä berk jan saglyk, abadançylyk we döwlet işinde uly üstünlikleri, Kataryň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.


















