Türkmenistanyň Prezidenti ýapon parlamentiniň wekilleri bilen duşuşdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti ýapon parlamentiniň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň ýapon böleginiň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 15-nji apreli, Tokio, Ýaponiýa

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Tokio şäherinde bolup, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga we Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň ýapon böleginiň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşyklary geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäginde yzygiderli hyzmatdaşlyk edýändigini bellediler we dünýäde parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi goldamak ugrunda hereketleri utgaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde anna güni habar berildi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň esasy ugrlaryň biri bolup durýandygyny we uzak möhletleýin hem-de durnukly häsiýete eýedigini nygtadylar. Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň we öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň gaz we himiýa senagatynda hem-de beýleki ugurlarda köp ýyllyk hyzmatdaşlyk tejribesiniň möhüm ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň Prezidenti we ýapon parlamentiniň wekilleri Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň işini pugtalandyrmak, şeýle hem iki ýurduň zenan ýolbaşçylarynyň özara gatnaşyklary boýunça täsirli iş alyp barmak üçin mümkinçilikleri boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy we bu gepleşiklerde degişli pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tekliplerini beýan etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022