Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Azerbaýjanyň döwlet Baştutanynyň resmi metbugat gullugy anna güni habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda Ilham Aliýewiň ýolbaşçylygynda Azerbaýjanyň döwlet berkararlygyny berkitmekde, halkara abraýyny ýokarlandyrmakda hem-de halkyň durmuş derejesini gowulandyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti soňky ýyllarda hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösüşiniň täze tapgyryna çykandygyny nygtady.
Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetini nygtap, bu hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine ynam bildirildi.
Hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ilham Aliýewe berk jan saglyk, bagt, maşgala abadançylygyny hem-de döwlet işinde täze üstünlikleri, Azerbaýjanyň halkyna bolsa parahatçylyk, durnukly ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.








30836-495x4352.jpg)









