Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda birnäçe resminama gol çekildi

BT
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda birnäçe resminama gol çekildi
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy, 2025-nji ýylyň 19-njy dekabry, Tokio, Ýaponiýa

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji ýokary derejeli sammitine gatnaşmak maksady bilen Tokio iş saparynyň çäginde anna güni ýaponýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewür duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň netijeleri boýunça birnäçe resminama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda:

• Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi bilen “Sumitomo Corporation” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
• “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Sumitomo Corporation” kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; 
• Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen “Mitsubishi Corporation” kompaniýasynyň arasynda maglumatlary alyşmak we hyzmatdaşlyk arkaly Türkmenistanda emeli aňy we sanly tehnologiýalary netijeli ulanmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
• Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen “Sony” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
• Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen “Mizuho Bank, Ltd.” bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; 
• Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tohoku uniwersitetiniň Inženerçilik mekdebiniň we Hirosaki uniwersitetiniň Ylym we tehnologiýalar boýunça ýokary mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar; 
• “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Kawasaki LTD” kompaniýasynyň arasynda Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän zawodyň tehniki hyzmatlarynyň möhletlerini uzaltmak boýunça Ähtnama; 
• “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen konsorsiumyň düzümine girýän “Toyo” we “Rönesans” kompaniýalarynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky Gyýanlydaky polimer zawodynyň önümçiligini ygtybarly ýola goýmak işleriniň ikinji tapgyry boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
• “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Mitsubishi”, “Gap Inşaat” we “Mitsubishi Corporation” kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumy doly taýýar edip gurmak  hakynda Ähtnama 

Habarda bellenilişi ýaly, gol çekilen resminamalar hyzmatdaşlygy giňeltmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin binýat bolup, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de has-da pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hapa suwlary arassalamagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen  taslamany, şeýle hem, daşky gurşawda plastik galyndylaryň möçberini azaltmak hem-de polietileni ikinji gezek ulanmaga ibermek üçin plastik çüýşeleri gaýtadan işlemek boýunça kiçi zawodlaryň taslamalaryny durmuşa geçirmek baradaky mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022