Türkmenistan ýapon işewürler jemgyýetçiligine uzak möhletleýin maýa goýumlary, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri teklip etmäge taýýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Tokioda öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen işewür duşuşygynda aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda energetikany, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, ulag we logistika ulgamlaryny, ýokary tehnologiýaly we ekologiýa ugurly önümçilikleri, suw serişdelerini dolandyrmak, infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselelerini görkezdi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýapon tehnologiýalaryny we önümlerini, ilkinji nobatda, maşyngurluşyk, elektronika, himiýa senagaty önümlerini işjeň ilerletmäge taýýardygyny nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurduň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny, geljekde-de ýapon işewürlerine ýurdumyzda uzak möhletleýin esasda iş alyp barmaga hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň netijeleri boýunça ýurtlaryň arasynda ykdysady we tehnologik hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy geçirildi.








30843-495x4352.jpeg)









