Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga bardy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Drozdenko, 2025-nji ýylyň 21-nji dekabry, Sankt-Peterburg, Russiýa (Surat: Aleksandr Drozdenko)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň ýolbaşçylarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen bardy. Bu barada “Watan habarlary” gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Aşgabadyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soň Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Sankt-Peterburg şäherindäki “Pulkowo” howa menziline gonup, bu ýerde Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Ferderasiýasynyň resmi wekilleri garşyladylar.

2018-nji ýyldan bäri GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitleri däp boýunça Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýär. Duşuşygyň bu formady Täze ýyl baýramlarynyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanlaryň we hökümet ýolbaşçylarynyň erkin ýagdaýda pikir alyşmagyny öz içine alýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022