Köýtendag kän müdirligi şu ýylyň 11 aýynyň dowamynda 714,35 müň kub metri göwrümde magdan däl gurluşyk serişdelerini öndürdi. Bu barada “Türkmen gündogary” gazetiniň penşenbe güni çap edilen sanynda habar berilýär.
Önümiň umumy möçberine 214,47 müň kub metri çagyl daşlary, 317,45 müň kub metr ýuwulan çäge, 135,48 müň kub metr çagyl-çäge garyndysy we 46,97 müň kub metr but daşlary girýär.
Geçen döwürde önümçiligiň ösüş depgini 124,8 göterime deň boldy. Ýylyň başyndan bäri 18 million 266 müň 560 manatlyk iş ýerine ýetirildi. Manat möçberinde meýilnama 102,6 göterim berjaý edildi, şeýle-de ösüş depgini 119,8 göterime ýetirildi.
Öndürilýän gurluşyk materiallary Türkmenistanyň çägindäki gurluşyk desgalarynda giňden ulanylýar. Önümçiligiň sazlaşykly ýola goýulmagynda gerek bolan çig mal müdirligiň karýer daş hojalygyndan, çagyl-çäge garyndysynyň alynýan daş käninden gazylyp alynýar.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli bolan Köýtendag kän müdirligi 12 känleri öz içine alýar. Kärhananyň taslama boýunça ýyllyk kuwwaty 1 million 577 müň 290 kub metr magdan däl gurluşyk serişdelerine deňdir.
Neşirimize ýazylmak üçin:
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан








30843-495x4352.jpeg)









