Türkiýäniň derman öndüriji “Türk İlaç ve Serum Sanayi A.Ş.” (TRILC) kompaniýasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen 4 million 994 müň 137,50 ABŞ dollary möçberinde eksport şertnamasyny baglaşdy. Bu barada kompaniýa 2025-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Jemgyýetçilik maglumatlaryny doly beýan etmek platformasynda (KAP) habar berdi diýip, “Finans Anlık” neşiri ýazýar.
Baglaşylan şertnama laýyklykda, derman serişdeleriniň hem-de lukmançylyk maksatly syworatkalaryň iberilmegi göz öňünde tutulýar. Harytlaryň ibermek işlerini 2026-njy ýylyň fewral aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sargytlar kabul edilip, önümçilik we logistika işleri tassyklanan tertipde durmuşa geçiriler.
Baş edarasy Ankara şäherinde ýerleşýän “Türk İlaç ve Serum Sanayi A.Ş.” kompaniýasy derman serişdeleriniň giň görnüşini öndürmek boýunça ýöriteleşendir. Şeýle hem kompaniýa dermançylyk, weterinariýa we kosmetika önümlerini eksport etmek, marketing işini alyp barmak hem-de wekilçilik işi bilen meşgullanýar.
Neşirimize ýazylmak üçin:
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан







30843-495x4352.jpeg)










