Türkmen kompaniýasy Özbegistanyň dermançylyk edaralary bilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk baglaşdy

BT
Türkmen kompaniýasy Özbegistanyň dermançylyk edaralary bilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk baglaşdy
Özbek dermançylyk boýunça gurluşlary bilen “Altyn Kanun” türkmen hukuk firmasynyň wideo maslahaty (Surat: uzpharmagency.uz)

Özbegistan Respublikasynyň Dermançylyk pudagyny ösdürmek boýunça agentligi hem-de Dermançylyk tehniki uniwersiteti “Altyn Kanun” türkmen hukuk firmasy bilen dermançylyk ulgamynda özara hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Dermançylyk pudagyny ösdürmek boýunça agentligi penşenbe güni habar berdi. 

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginde öndürilýän derman serişdelerini eksport we import etmek boýunça özara hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem bu ylalaşygyň esasynda iki ýurduň arasynda dermançylyk pudagyny ösdürmek, özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak hem-de ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem baglaşylan ylalaşyga görä, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak we lukmançylyk bilimini ösdürmek hem-de ugurdaş hünärler boýunça Türkmenistanyň raýatlary üçin Özbegistanyň Dermançylyk tehniki uniwersitetinde okuwlary guramak göz öňünde tutulýar.

Habarda bellenilşi ýaly, gol çekilen resminama dermançylyk we lukmançylyk bilimi ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga, ylmy-amaly tejribe alyş-çalşygyny giňeltmäge hem-de ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga giň ýardam berer.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022