Hytaý Türkmenistanyň raýatlary üçin ýeňillikli wizanyň möhletini uzaldýar

BT
Hytaý Türkmenistanyň raýatlary üçin ýeňillikli wizanyň möhletini uzaldýar
Beýik Hytaý diwary (Surat: wanderer-jan07.livejournal.com)

Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza nyrhnamamnyň wagtlaýyn ýeňilleşdirlen düzgünini ulanmak möhletini uzaltdy. 

Resminamada görkezilen şertler 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket eder. Bu barada anna güni Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berdi

Wiza tölegleriniň möçberi şu aşakdakylardan ybarat:

•    bir gezeklik wiza — 41 ABŞ dollary,

•    iki gezeklik wiza — 56 ABŞ dollary,

•    alty aý möhletli köp gezeklik wiza — 206 ABŞ dollary,

•    bir ýyllyk köp gezeklik wiza —386 ABŞ dollary

Gyzyklanma bildirýän raýatlar goşmaça maglumatlar üçin +993 (12) 48 81 05 telefon belgisi ýa-da ashgabat@csm.mfa.gov.cn elektron poçta salgysyna ýüz tutup bilerler.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС