“Arkadag” futbol topary AFK-2 Çempionlar ligasynda “Al-Nassr” kluby bilen duşuşar

BT
“Arkadag” futbol topary AFK-2 Çempionlar ligasynda “Al-Nassr” kluby bilen duşuşar
2025–26 möwsümiň AFK Çempionlar Ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişi, 2025-nji ýylyň 30-nji dekabry, Kuala-Lumpur, Malaýziýa

Türkmenistanyň “Arkadag” futbol topary AFK-niň Çempionlar ligasy-2 bäsleşiginiň 2025/26 möwsüminiň 1/8 final tapgyrynda Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” topary bilen duşuşar. Türkmen toparynyň garşydaşy Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen bije çekilişiniň netijesinde kesgitlenildi. Bu barada AFK resmi web-sahypasynda habar berilýär.

Bije çekişligiň netijelerine görä, her sebitden bolan toparlar iki sebede bölündi: 1-nji sebetde toparçalaryň ýeňijileri, 2-nji sebetde bolsa ikinji orunlary eýelän toparlar girizildi. “Arkadag” kluby Günbatar sebitiniň 2-nji sebedine düşen bolsa, “Al-Nassr” topary 1-nji sebedine girizildi.

1/8 final tapgyrynyň oýunlary 2026-njy ýylyň 10–11-nji we 17–18-nji fewralynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Çärýek final duşuşyklary 3–4-nji we 10–11-nji martda, ýarym final duşuşyklary bolsa 7-nji we 14-nji aprelde geçiriler. Günbatar we Gündogar sebitleriniň wekilleriniň arasynda bir duşuşyk görnüşinde geçiriljek final oýny 2026-njy ýylyň 16-njy maýynda bolar.

“Arkadag” futbol topary 20-nji dekabrda AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2 bäsleşiginiň toparçalaýyn tapgyryny üstünlikli tamamlady. Bahreýniň “Al-Haldiýa” toparyny 1:0 hasaby bilen ýeňip, toparçadaky ikinji orny eýelemegi başardy. 

 

Neşirimize ýazylmak üçin:

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022