Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjüm baradaky habarlar bilen baglylykda, türkmen tarapy bu ýagdaý boýunça çuňňur aladalanma bildirýär.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara howpsuzlygyna we durnuklylygyna howp salýan şeýle hereketler babatynda, aýratyn-da gapma-garşylyklary gepleşikler arkaly kadalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan tagallalaryň şertlerinde aladalanma bildirýär we olary ýazgarýar.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesine eýe döwlet hökmünde Türkmenistan halkara parahatçylygynyň we durnuklylygynyň saklanmagyny yzygiderli goldaýar.
Türkmenistan halkara meseleleriniň islendik görnüşini diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly çözmegiň zerurdygyny nygtaýar.

30836-700x5002.jpg)
















