Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen sişenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgüdine laýyklykda, Arkalaşygyň sammiti bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgüdine laýyklykda, Arkalaşygyň sammitiniň 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanda geçiriljekdigini we türkmen tarapynyň bu sammiti iri halkara forumlary geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde zenanlaryň dialogyny, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisini, demografiýa meseleleri boýunça maslahaty geçirmäge taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda 2025-nji ýylda türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary depginli ösdürilendigi we möhüm wakalar bilen tapawutlanandygy bellenildi. Hususan-da, ynsanperwer hyzmatdaşlyga hem-de watançylyk ruhundaky gatnaşyklara aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk daşary syýasat ugruna, şeýle hem ýurduň halkara durnuklylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalaryna berýän goldawyna ýokary baha berdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko birek-biregi ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen ýene-de bir gezek gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.







30836-495x4352.jpg)










