Dünýäniň birnäçe döwletleriniň ýolbaşçylary ýetip gelýän 2026-njy ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Täze ýyl gutlaglaryny iberdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Döwlet Baştutanyna Täze ýyl gutlaglaryny Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon, Polşa Respublikasynyň Prezidenti Karol Nawroski, Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Nataşa Pirs-Musar, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah hem-de Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella iberdiler.
Gutlag hatlarynda dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentine geljek ýylda berk jan saglyk, döwlet işinde uly üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa bagt, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.
Hatlaryň ahyrynda döwlet Baştutanlary dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.







30836-495x4352.jpg)










