Aşgabatda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbejigi dünýä indi

BT
Aşgabatda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbejigi dünýä indi
Şeker Begenjowa täze doglan çagajygy bilen, 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda täze ýylyň ilkinji bäbejigi dünýä indi. Bäbejik paýtagtyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde doguldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdiler.

Ilkinji çagajygyň dünýä inmegi Emir Gaýypow bilen Şeker Begenjowanyň maşgalasynda bolup geçdi. Täze doglan çagajyga Atamyrat diýip at goýuldy.

Habarda bellenilişi ýaly, täze doglan çagajygyň agramy 3100 grama, boýy bolsa 48 santimetre deň boldy.

Bu şanly waka mynasybetli maşgala Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowdan, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022