Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža dynç-alyş merkezinde bolup geçen pajygaly ýangyn zerarly Şweýsariýa gynanç bildirdi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.
Habara görä, Täze ýyl gijesinde Şweýsariýanyň meşhur Alp dag-lyža kurorty bolan Kran-Montanada ýangyn döredi. Ýangyn köp sanly adam pidalarynyň we şikesleriň döremegine getirdi.
Wallis kantonynyň polisiýasynyň maglumatlaryna görä, ýangyn netijesinde 40-dan gowrak adam heläk boldy, ýene-de 119 adam dürli derejeli şikesler aldy. Şikes alanlaryň köpüsiniň ýagdaýy agyr hasaplanýar.
Şweýsariýanyň Raýat goranyş federal gullugynyň bellemegine görä, ejir çekenlere kömek bermek maksady bilen diňe bir Germaniýanyň däl, eýsem Fransiýanyň, Italiýanyň we Belgiýanyň hassahanalary hem kabul edişligi gurady.







30836-495x4352.jpg)










