“Arkadag” futbol topary AFK-2 Çempionlar ligasyndaky taryhy oýunlarynyň öňüsyrasynda düzüminiň hüjümini berkitmek maksady bilen uly transferleri amala aşyrdy. Bu barada toparyň resmi metbugat gullugy habar berýär.
“Arkadag” futbol toparynyň hataryna Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş edýän iki sany ýyldyz hüjümçiler goşuldy. Düzüme goşulanlar “Köpetdag” futbol toparyndan gelen 22 ýaşly zehinli hüjümçi Daýanç Meredow we “Altyn Asyr” futbol toparynyň hatarynda çykyş eden 24 ýaşly tejribeli hüjümçi Rahman Myratberdiýew boldular.
“Arkadag” futbol topary şeýle hem “Ahal” we “Gyrgyzaltyn” toparlarynda çykyş eden we baý tejribesi bolan 25 ýaşly ýarym goragçy Meýlis Diniýewi toparyň düzümine goşdy.
AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda “Arkadag” Saud Arabystanynyň “Al Nassr” topary bilen duşuşar. Oýunlar 11 we 18 fewral güni geçiriler hem-de olaryň jemleri boýunça geljekki tapgyrda çykyş etjek topar kesgitlener.


















