ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Roždestwo we Täze ýyl mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
Şeýle ýokary derejedäki gatnaşyklar taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini görkezýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary birnäçe ugurlary öz içine alýar. Bu hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary – sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we “C5+1” formatyndaky köptaraplaýyn meýdançanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglydyr. Amerikanyň işewür toparlary Türkmenistanda durmuşa geçirilýän dürli senagat taslamalaryna gatnaşyp, okgunly ösdürilýän ykdysady gatnaşyklaryň ugurlaryny giňeldýärler.
Türkmenistanyň Prezidentine şeýle hem Täze ýyl mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon, Polşa Respublikasynyň Prezidenti Karol Nawroski, Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Nataşa Pirs-Musar, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah hem-de Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella gutlag hatyny iberdiler.








30836-495x4352.jpg)









