Ispaniýanyň “Teltronic” kompaniýasy Türkmenistanyň ulag, nebit-gaz toplumy hem-de dag-magdan senagaty ýaly möhüm pudaklaryny sanlylaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak ugrunda geljegi uly ugur hökmünde görýär. Bu barada “Trend” agentligine kompaniýanyň marketing we korporatiw aragatnaşyklar boýunça menejeri Migel Simon Ramiro habar berdi.
Menejeriň bellemegine görä, “Teltronic” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýär hem-de ýerli gyzyklanýan taraplar, tehnologiýa hyzmatdaşlary we degişli institutlar bilen hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini öwrenýär. Kompaniýa Türkmenistanyň milli ösüş maksatlaryna laýyklykda, möhüm aragatnaşyk we senagat ulgamlarynda döwrebap, uýgunlaşdyrylan çözgütleri ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar.
Aragatnaşyk ulgamynda 50 ýyldan gowrak tejribesi bolan “Teltronic” kompaniýasy Türkmenistanyň milli infrastrukturasyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça edýän tagallalaryny goldamaga taýýardygyny belläp geçdi. Habarda bellenilişi ýaly, Kompaniýa TETRA tehnologiýasyny täze nesil giň zolakly çözgütler bilen birleşdirip, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlarynyň durnuklylygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmegiň toplumlaýyn ýoluny teklip edýär.
“TETRA” (Terrestrial Trunked Radio) - 1995-nji ýylda ETSI (Ýewropanyň telekommunikasiýa standartlary instituty) tarapyndan işlenip taýýarlanan we çap edilen hünär derejeli sanly ykjam radioaragatnaşyk standartydyr. Ol döwlet edaralary, adatdan daşary ýagdaýy gulluklary, ulag hem-de senagat pudaklarynyň ulanyjylary üçin niýetlenendir.


















