Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde şäherde bina edilýän “Arkadag Medisina Klasteri Menejment”lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynyň şekil taslamalary, şeýle hem şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depgini bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Halk Maslahatynyň Başlygyna täze desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.
Saparyň çäklerinde Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bolan Ýaponiýanyň “Sumitomo Heavy Industries LTD”, “Sumitomo Heavy Industries Plastics Machinery”, Koreýa Respublikasynyň “EM Korea Co. LTD, “Korea Meditech Co. LTD”, şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, “Garagum” hojalyk jemgyýetiniň, şeýle hem Türkmenisranyň Ýaponiýadaky we Koreýa Respublikasyndaky ilçihanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda şäherde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak babatynda maslahat geçirdi.
Maslahatda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynda ulanylýan ýerli çig mallaryň hem-de olaryň esasynda öndüriljek önümleriň hiline we ekologiýa derejesine degişli Güwänamalar, şeýle hem ISO halkara standartlaryna laýyklyk güwanamalary görkezildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy lukmançylyk klasteriniň döredilmeginiň ýurduň içerki bazaryny doly üpjün etmäge, şeýle hem “Made in Turkmenistan” nyşany bilen önümleri eksport etmäge gönükdirilendigini belledi.
Daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem lukmançylyk klasterinde ornaşdyrylýan enjamlaryň häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek ulanylýandygyny, olaryň ýokary halkara hil görkezijilerine doly laýyk gelýändigini we önümçilikde ähli tehnologiýa talaplarynyň üpjün ediljekdigini bellediler.
“Arkadag Medisina Klasteri” kärhanasy ilatyň saglygyny goramak ugrunda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine esaslanyp, farmasewtika serişdelerini, lukmançylyk tehnologiýalaryny we enjamlaryny işläp taýýarlamak hem-de bu ugurda döwrebap bilimi üpjün etmek boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmaga gönükdirilen innowasion taslamadyr.


















