“Al-Nassr” toparynyň Aşgabada boljak sapary dünýä metbugatynyň ünsünde

BT
“Al-Nassr” toparynyň Aşgabada boljak sapary dünýä metbugatynyň ünsünde
Kriştiano Ronaldu (Surat: Saud Arabystanynyň Iri Ligasy 2025)

Halkara öňdebaryjy sport metbugatynyň neşirleri hem-de maglumat agentlikleri AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda Aşgabatda geçiriljek oýnuna aýratyn üns berýärler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi. 

“Arkadag” futbol topary 2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” toparyny Aşgabat şäherindäki Olimpiýa stadionynda kabul eder. Myhman toparyň düzüminde dünýä belli futbol ýyldyzlary — Kriştiano Ronaldu, Sadio Mane hem-de Žoau Feliks ýaly belli türgenleriň oýna gatnaşmagyna garaşylýar. 

Oýun halkara derejesinde möhüm waka hökmünde häsiýetlendirilip, türkmen futbolynyň artýan abraýyny we Aşgabadyň iri sport çärelerini geçirmek üçin ygtybarly ýeri hökmünde derejesini tassyklady. 

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa stadiony 45 müň tomaşaça niýetlenendir we geçiriljek bu duşuşykda janköýerleriň doly gatnaşmagyna garaşylýar. Jogap duşuşygy 18-nji fewralda Er-Riýad şäherinde geçiriler. 

Ozal “Arkadag” futbol topary AFK-2 Çempionlar ligasyndaky taryhy oýunlarynyň öňüsyrasynda düzüminiň hüjümini berkitmek maksady bilen uly transferleri amala aşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022