AÖB: Türkmenistanyň maliýe tehnologiýalary ulgamy uly ösüş mümkinçiliklerine eýedir

BT
AÖB: Türkmenistanyň maliýe tehnologiýalary ulgamy uly ösüş mümkinçiliklerine eýedir
Aziýanyň ösüş banky (Surat: adb.org)

Türkmenistanyň maliýe tehnologiýa bazary häzirki wagtda kemala gelmek tapgyrynda bolup, mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Bu barada Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) “Merkezi Aziýada maliýe tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini açmak” atly dekabr aýyndaky hasabatynda habar berilýär.

Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurtda maliýe tehnologiýa ulgamynyň ösüşine sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy, internet hyzmatlaryna elýeterliligiň artmagy hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi ýardam berýär. Bu ugurda döwlet banklary we telekommunikasiýa kompaniýalary möhüm orun eýeleýär.

Sanly bank hyzmatlarynyň esasy hereketlendiriji güýçleri hökmünde Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen birlikde beýleki döwlet maliýe edaralary çykyş edýär.  Şeýle-de täjirçilik banklary müşderiler üçin ykjam goşundylar hem-de onlaýn hyzmatlary tapgyrlaýyn ornaşdyrýarlar. 

Munuň bilen bir hatarda, ykjam tölegler, sanly gapjyklar we onlaýn karz bermek ýaly ugurlarda işleýän maliýe tehnologiýa kompaniýalarynyň bazary hem kemala gelýär. Zerur infrastruktura telekommunikasiýa operatorlary, şol sanda “Türkmentelekom” tarapyndan halkara guramalaryň goldawy bilen üpjün edilýär.

AÖB-niň bilermenleriniň pikirine görä, Türkmenistanyň maliýe tehnologiýa bazary durnukly ösüş mümkinçiliklerine eýedir. Döwlet, banklar we tehnologiýa kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy bu ulgamyň mundan beýläk-de ösüşinde esasy şertleriň biri bolup biler.

Maliýe tehnologiýa bazary — bu sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly bank we töleg hyzmatlaryny hödürleýän maliýe ulgamynyň bir bölegi bolup, oňa ykjam bank hyzmatlary, elektron tölegler, sanly gapjyklar we onlaýn karz bermek ulgamlary girýär.

2022