Türkmenistanyň sebitlerindäki jemagat hojalyk kärhanalaryna täze ýöriteleşdirilen tehnikalar gelip gowuşdy. Sebitlere jemi 566 sany dürli maksatly tehnika gowşuryldy. Olaryň hatarynda ýol ýuwujy-süpüriji kiçi maşynlar, suw daşaýjylar, ýükleýji ekskawatorlar, awtokranlar, awtobuslar hem-de göçme ussahanalar bar. Bu barada sişenbe güni neşir edilen “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.
Ahal welaýatyna 160-dan gowrak, Balkan welaýatyna 92, Daşoguz welaýatyna 149 sany tehnikalar gowşuryldy. Lebap welaýaty 86, Mary welaýaty bolsa 79 sany täze tehnikany kabul etdi.
Ýöriteleşdirilen tehnikalar jemagat hojalyk gulluklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şäher infrastrukturasyny arassalamak we hyzmat etmek işlerini tizleşdirmäge, şeýle hem häzirki zaman ekologik talaplarynyň berjaý edilmeginine giň mümkinçilik berer. Hünärmenleriň bellemegine görä, bu tehnikalar gündelik işleri ýeňilleşdirip, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrar.
Şol gün Aşgabadyň jemagat hojalyk gulluklarynyň awtoulag parky hem Hytaýyň öňdebaryjy öndürijileri — “Zoomlion”, “Dongfeng” we “Infore Enviro” kompaniýalarynyň 194 sany tehnikasy bilen täzelendi. Getirilen tehnikalaryň hatarynda zibil daşaýan ulaglar, adaty konteýnerler üçin gapdaldan ýükleýän çalasyn ulaglar, şeýle-hem yzdan ýükleýän kuwwatly awtomobiller, süpüriji-arassalaýjy awtomobiller, ýuwujy ulaglar, göçme ussahanalar hem-de gulluk awtobuslar bar.


















