Ýewropa kompaniýalary Hazar deňziniň portlarynyň “ýaşyl” özgertmelerini goldar

BT
Ýewropa kompaniýalary Hazar deňziniň portlarynyň “ýaşyl” özgertmelerini goldar
Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Balkan welaýaty, Türkmenistan

Italiýanyň RINA hem-de Germaniýanyň “HPC Hamburg Port Consulting” halkara maslahat beriş kompaniýalary ÝHHG-niň “Hazar sebitinde “ýaşyl” portlaryň we arabaglanyşygyň ösdürilmegine ýardam bermek” taslamasynyň çäginde bäş ýyllyk şertnama baglanyşdy. Bu barada RINA kompaniýasy duşenbe güni habar berdi.

ÝHHG-niň Ykdysady we ekologiýa işiniň utgaşdyryjy edarasy (OCEEA) tarapyndan hödürlenen bu taslama Hazar we Gara deňizleriniň esasy - Baku, Aktau, Kuryk, Türkmenbaşy we Batumi portlaryny öz içine alýar. Taslamanyň esasy maksady üstaşyr ýük daşamalarynyň ösüşini goldamak bilen bir hatarda daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmak we port infrastrukturasynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmakdyr.

Taslamanyň üçünji tapgyrynyň çäginde bäş esasy ugur boýunça çäreleri durmuşa geçirilmek göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ornaşdyrylmagy, howa şertleri bilen bagly töwekgelçiliklere durnuklylygyň ýokarlandyrylmagy, sanly gözegçilik ulgamlarynyň ösdürilmegi, gender deňliginiň goldanylmagy hem-de hünärmenleri taýýarlamak bar. Şeýle hem Hazar sebitiniň we Günorta Kawkazyň ýurtlarynyň arasynda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we port strategiýalaryny sazlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

RINA we HPC kompaniýalary şertnamanyň çäginde her bir port boýunça aýratyn analitiki maglumatlar, pes uglerodly iş modeline geçmegiň meýilnamalaryny, şol sanda synag taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan tehniki çözgütleri taýýarlar.

Şeýle hem Hazar deňziniň portlarynda “Bir deňiz penjiresi” başlangyjyny işe girizmek meselesine seredilýär.

2022