Türkmen kompaniýalary 2026-njy ýylda Belarusda geçiriljek sergilere çagyrylýar

BT
Türkmen kompaniýalary 2026-njy ýylda Belarusda geçiriljek sergilere çagyrylýar
"BELAGRO–2017" sergisi, 2017-nji ýylyň 6–10-njy iýuny, Minsk, Belarus (Surat: biocomtechnology.com)

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2026-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän maslahat we sergi çäreleriniň giňeldilen tertibini hödürledi. Bu senenama ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de täze bazarlara çykmaga gyzyklanma bildirýän türkmen kompaniýalaryna we degişli edaralara niýetlenendir. Bu barada ýekşenbe güni Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berdi.

Sergi we maslahat çäreleri ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny, şol sanda senagat we maşyn gurluşygy, oba hojalygy we agro-tehnologiýalar, binagärlik we gurluşyk, şeýle hem ulag we ýokary tehnologiýalar ulgamlaryny öz içine alýar.

Çäreleriň iş programmasy fewral aýynda badalga alyp, pudaklaýyn sergilere we forumlara gatnaşmagy, şeýle hem B2B duşuşyklaryny we göni gepleşikleri geçirmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

Sergileriň doly sanawy we guramaçylary barada maglumatlar Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi web sahypasynda giňişleýin çap edildi.

2022