2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary betbagtçylyga uçraýan "Rona" atly eýran ýük gämisinden SOS signalyny aldylar. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak bilen bagly döwlet edaralary tarapyndan deňiz gatnawynyň düzgünlerini kadalaşdyrýan halkara kadalara laýyklykda gämidäki adamlary halas etmek boýunça ähli zerur çäreler görüldi.
Utgaşykly hem-de wagtynda geçirilen çäreleriň netijesinde gämide bolan 14 sany ekipaž agzasynyň ählisi halas edildi. Deslapky maglumatlara laýyklykda, olar Eýranyň we Hindistanyň raýatlarydyr.
Häzirki wagtda türkmen tarapy halkara kadalarda göz öňünde tutulan degişli çäreleri geçirýär.

30921-700x5002.jpg)
















