Türkmenistan Özbegistanyň iri haryt üpjün edijileriniň ilkinji onlugyna girdi

BT
Türkmenistan Özbegistanyň iri haryt üpjün edijileriniň ilkinji onlugyna girdi
Ýükleriň daşalmagy (Surat: perevozka24.uz)

2025-nji ýylyň ýanwar–noýabr aýlarynyň jemleri boýunça Türkmenistan Özbegistanyň importy boýunça ýurtlaryň arasynda ilkinji onluga girdi. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda habar berilýär.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Özbegistana eksport eden harytlarynyň möçberi 926,2 million ABŞ dollaryna barabar bolup, bu görkeziji bilen Türkmenistan Özbegistanyň iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda sekizinji orny eýeledi. Ilkinji onluga şeýle hem Hytaý (12,8 mlrd dollar), Russiýa (7,8 mlrd), Gazagystan (3 mlrd), Türkiýe (1,7 mlrd), Koreýa Respublikasy (1,5 mlrd), Germaniýa we Hindistan (her biri 1 mlrd), Belarus (698,8 mln) hem-de ABŞ (656,1 mln) girdi.

2025-nji ýylyň ýanwar- noýabr aralygynda Özbegistanyň umumy importynyň möçberi 41,9 milliard ABŞ dollaryna deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18,7 göterim köpdür. Hasabat döwründe Özbegistan dünýäniň 180 ýurdundan harytlary we hyzmatlary import etdi.

2025-nji ýylyň ýanwar–noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky umumy söwda dolanyşygy 1,064 milliard ABŞ dollaryna deň boldy.

2022
ENG TM РУС