Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň orunbasary Nokerguly Atagulyýew Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen çarşenbe güni Aşgabat şäherinde duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň telekeçilik toparlary üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar bermegine görä, taraplar özara haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bagly meseleler boýunça hem pikir alyşdylar.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda dokma senagaty, logistika, sanly ykdysadyýet hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamak görkezildi.
Hindistan tarapy hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýardygyny beýan edip, Türkmenistanyň Hindistanyň daşary syýasatynda strategik ähmiýete eýedigini belledi.
Şeýle-hem 2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşyk geçirdi.









30921-90x604.jpg)








