Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 2025-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 20,2 milliard manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.
Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 16 milliard 839 million 4 müň 186 manada ýetdi.
Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 2 milliard 634 million 893 müň 721 manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 42 million 102 müň 351 manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.
Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 498 million 684 müň 99 manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 6 million 843 müň 609 manatdan geçdi.
Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 221 million 407 müň 557 manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.









30921-90x604.jpg)








